Biz barada

«Türkmenpagta» döwlet konserni barada

     Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly «Türkmenpagta» döwlet konserni döredildi.
     «Türkmenpagta» döwlet konserni ýurdumyzda pagta we ýüpek hem-de olary gaýtadan işlemekden alynýan önümleri babatda döwlet syýasatyny alyp barýan döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.
     Pagtaçylyk we ýüpekçilik ýurdumyzyň oba hojalygynyň strategik ugurlarydyr. “Ak altynyň” we piläniň öndürilmegi hem-de gaýtadan işlenilmegi Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. 
     Pagtaçylyk we ýüpekçilik oba hojalyk pudagynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek we ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşýar. 
     Ýüpegiň önümlerine içerki we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen toplumlaýyn maksatnamalar bu senediň galkynmagyna itergi berdi. Ýüpek gurçugynyň iň gowy görnüşleriniň ýetişdirilmegi, pudagyň ygtybarly iým binýadynyň döredilmegi ýylsaýyn özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tut agaçlarynyň ekilýän meýdanlary giňeldilýär.

Soňky goşulanlar